Google kompaniýasy Chrome üçin howpsuzlyk täzelenmesini çykardy
Google kompaniýasy Chrome 142.0.7444.162 (Linux), 142.0.7444.162/.163 (Windows), 142.0.7444.162 (Mac), 142.0.7444.158 (Android) wersiýasyny çykardy. Bu wersiýa ýaramaz niýetli ulanyjynyň gowşak ulgamda uzaklykdan kod ýerine ýetirmek üçin ulanyp bilýän gowşaklyklary aýyrýar. Bu täzelenme 1 sany howpsuzlyk düzedişi (CVE-2025-13042) öz içine alýar.
Ulanyjylara Chrome täzelenmesi baradaky habary bilen tanşyp, gerekli bolan täzelenmeleri gurnamagy maslahat berilýär - googleblog.com (PC üçin), googleblog.com (Android üçin)
18 Noýabr 2025