Anna, 10 Iýul 2026

Microsoft kompaniýasy 2025-nji ýylyň noýabr aýynyň howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy

Microsoft kompaniýasy 2025-nji ýylyň noýabr aýynyň «Sişenbe düzedişleriň» çäginde programma üpjünçiliginiň birnäçe gowşaklyklaryny aýyrmak üçin howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy.

Düzedilen gowşaklyklaryň arasyndan 29 sany gowşaklyk – hukuklary artdyrmak, 2 - howpsuzlyk çäklendirmelerini aýlanyp geçmek, 16 - uzaklykdan kod ýerine ýetirmek, 11 – maglumatlary aýan etmek, 3 - «hyzmat etmekden ýüz öwürmek» ýagdaýyna getirmek we 2 – spufing amala aşyrmak mümkinçilikleri berýärler.

Şeýle hem, 2025-nji ýylyň noýabr aýynyň «Sişenbe düzedişleri» 1 sany 0-day gowşaklygy üçin düzedişini öz içine alýar, bu gowşaklyk:

  • CVE-2025-62215 - Windows Kernel ýadrosynyň hukuklary artdyrmak gowşaklygy.

Gowşaklyklar we täzelenmeler barada goşmaça maglumaty Microsoft kompaniýanyň 2025-nji ýylyň noýabr aýynyň howpsuzlyk täzelenmeleri sahypasynda görüp bilersiňiz – microsoft.com.

Çeşme: bleepingcomputer.com

17 Noýabr 2025

-
32