QNAP kompaniýasy howpsuzlyk täzelenmeleri çykardy
QNAP kompaniýasy birnäçe önümlerine täsir edýän howpsuzlyk gowşaklyklary (CVE-2025-62847, CVE-2025-62848, CVE-2025-62849) barada ulanyjylaryna habar berdi. Ýaramaz niýetli ulanyjy nyşana alnan ulgamda uzaklykdan kod ýerine ýetirmek we hukuklary artdyrmak üçin bu gowşaklyklaryň birnäçesinden peýdalanyp biler.
Bu gowşaklyklar häzirki wagtda QNAP önümleriniň birnäçe wersiýalaryna, ýagny QTS 5.2.x wersiýasyna, QuTS hero h5.2.x wersiýasyna we QuTS hero h5.3.x wersiýasyna täsir edýär. Gowşaklyk QTS 5.2.7.3297 build 20251024, QuTS hero h5.2.7.3297 build 20251024 we QuTS hero 5.3.1.3292 build 20251024 wersiýalarynda düzedildi.
Gowşaklyk we täzelenmeler barada goşmaça maglumaty QNAP howpsuzlyk maslahatynda görüp bilersiňiz – qnap.com
13 Noýabr 2025