Google kompaniýasy Chrome üçin howpsuzlyk täzelenmesini çykardy
Google kompaniýasy Chrome 142.0.7444.134 (Linux), 142.0.7444.134/.135 (Windows), 142.0.7444.135 (Mac) wersiýasyny çykardy. Bu wersiýa ýaramaz niýetli ulanyjynyň gowşak ulgamda uzaklykdan kod ýerine ýetirmek mümkinçiligini gazanmak, gizlin maglumatlary aýan etmek we maglumatlary üýtgetmek üçin ulanyp bilýän gowşaklyklary aýyrýar. Bu täzelenme 5 sany howpsuzlyk düzedişleri (CVE-2025-12725, CVE-2025-12726, CVE-2025-12727, CVE-2025-12728, CVE-2025-12729) öz içine alýar.
Ulanyjylara Chrome täzelenmesi baradaky habary bilen tanşyp, gerekli bolan täzelenmeleri gurnamagy maslahat berilýär - googleblog.com.
07 Noýabr 2025