WordPress plagininde howply gowşaklyk düzedildi
WordPress üçin Anti-Malware Security we Brute-Force Firewall plaginde minimal ygtyýarlyklary bolan ulanyjylara serwerdäki islendik faýllary okamaga mümkinçilik berýän gowşaklyk ýüze çykaryldy. Bu gowşaklyk 4.23.81 we ondan öňki wersiýalaryna täsir edýär. Ýaramaz niýetli ulanyjy nyşana alnan ulgamda ygtyýarnama barlagynyň ýoklugy bilen utgaşýan erkin faýl okamak we spufing amala aşyrmak (CVE-2025-11705) ýagdaýyny peýdalanyp biler.
Administratorlara Anti-Malware Security we Brute-Force Firewall-y mümkin boldugyça çalt 4.23.83 wersiýasyna täzelemek maslahat berilýär.
Çeşme: wordfence.com
04 Noýabr 2025