Microsoft kompaniýasynyň WSUS hyzmatynda howply gowşaklyk düzedildi
Microsoft kompaniýasy Windows Server Update Services (WSUS) hyzmatynda ýüze çykan howply gowşaklygy düzetmek üçin adatdan daşary howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy. CVE-2025-59287 diýip bellige alnan bu gowşaklyk ýaramaz niýetli ulanyjy tarapyndan uzakdan kod ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär.
Microsoft täsir eden ähli Windows Server wersiýalary üçin howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy we ulanyjylara olary mümkin boldugyça çalt gurnamagy maslahat berýär:
Gowşaklyk we täzelenmeler barada giňişleýin maglumaty howpsuzlyk sahypasynda görüp bilersiňiz – microsoft.com.
Çeşme: bleepingcomputer.com
30 Oktýabr 2025