ISC guramasy BIND üçin howpsuzlyk täzelenmeleri çykardy
Internet Systems Consortium (ISC) guramasy Berkeley Internet Name Domain (BIND) atly DNS-serweriň köp sanly wersiýalaryna täsir edýän howpsuzlyk gowşaklyklary (CVE-2025-8677, CVE-2025-40778, CVE-2025-40780) aýyrmak üçin niýetlenen howpsuzlyk maslahatlary çykardy. Ýaramaz niýetli ulanyjy uzaklykdan «hyzmat etmekden ýüz öwürmek» ýagdaýyny (DoS) getirmek, spufing amala aşyrmak, maglumatlary üýtgetmek we nyşana alnan ulgamda howpsuzlyk çäklendirmeleri aýlanyp gecmek üçin bu gowşaklyklaryň birnäçesinden peýdalanyp biler. Bu meseleler BIND 9.18.41, BIND 9.20.15, BIND 9.21.14, BIND 9.18.41-S1, BIND 9.20.15-S1 wersiýalarynda düzedildi.
Ulanyjylara ISC howpsuzlyk maslahatlary bilen tanşyp, zerur bolan täzelenmeleri ulanmak maslahat berilýär - isc.org.
27 Oktýabr 2025