Google kompaniýasy Chrome üçin howpsuzlyk täzelenmesini çykardy
Google kompaniýasy Chrome 140.0.7339.207 (Linux), 140.0.7339.207/.208 (Windows, Mac) wersiýasyny çykardy. Bu wersiýa ýaramaz niýetli ulanyjynyň gowşak ulgamy dolandyrmak mümkinçiligini gazanmak üçin ulanyp bilýän gowşaklyklary aýyrýar. Bu täzelenme 3 sany howpsuzlyk düzedişleri öz içine alýar.
Ulanyjylara Chrome täzelenmesi baradaky habary bilen tanşyp, gerekli bolan täzelenmeleri gurnamagy maslahat berilýär – googleblog.com
26 Sentýabr 2025