Google Play-da birnäçe howply Android programmalary ýüze çykaryldy
Google Play-da 19 mln-dan gowrak ýüklenen 77 howply programmalar ýüze çykaryldy. Zyýanly programmalaryň köpüsi (66%-den gowragy) mahabatlary görkezýän programma üpjünçiligini öz içine alýar, şeýle hem gözlegçiler tarapyndan barlanan programmalaryň 25%-inde Joker atly Android üçin niýetlenen zyýanly programmasy tapyldy. Bu zyýanly programma üpjünçiligi SMS-lary okap we iberip, aragatnaşyklary ogurlap, ekrany surata alyp, jaň edip we ulanyjylary tölegli hyzmatlara ýazyp bilýär.
Şeýle hem gözlegçiler, oýunlar, surat redaktorlary ýa-da çyralar ýaly adaty programmalar hökmünde özüni görkezýän, ýöne içinde zyýanly kod saklaýan Harly atly bir görnüşini tapdylar.
Emma esasy açyşlaryň biri - bu Anatsa atly (şeýle hem Tea Bot) bank Troýany täzelenen görnüşi bolup durýar. Bu zyýanly programma Google Play-da " Document Reader – File Manager " atly programmanyň ady bilen gizlendi. Zyýanly programmany ýüklenmegi şübhesiz amala aşyrylýardy, ýöne ilkinji sapar açylmagyndan başlap programma serwerden zyýanly kody göçürip alýardy.
Gözlegçileriň maglumatlaryna görä, ýüze çykarylan zyýanly programmalaryň ählisi eýýäm Google Play-dan pozuldy. Şeýle hem, Android ulanyjylary enjamda pozmaga degişli zyýanly programmalary belleýän Play Protect goragynyň açykdygyna göz ýetirmeli.
Çeşme: bleepingcomputer.com
29 Awgust 2025