Duşenbe, 13 Oktýabr 2025

Microsoft kompaniýasy 2025-nji ýylyň awgust aýynyň howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy

Microsoft kompaniýasy 2025-nji ýylyň awgust aýynyň «Sişenbe düzedişleriň» çäginde programma üpjünçiliginiň birnäçe gowşaklyklaryny aýyrmak üçin howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy.

Düzedilen gowşaklyklaryň arasyndan 44 sany gowşaklyk - hukuklary artdyrmak, 35 - uzaklykdan kod ýerine ýetirmek, 18 - maglumatlary aýan etmek, 4 - «hyzmat etmekden ýüz öwürmek» ýagdaýyna getirmek we 9 - spufing amala aşyrmak mümkinçilikleri berýärler.

Şeýle hem, 2025-nji ýylyň awgust aýynyň «Sişenbe düzedişleri» bir sany 0-day gowşaklygy üçin düzedişleri öz içine alýar, bu gowşaklyk:

CVE-2025-53779 - hukuklary artdyrmaklyga getirýän Windows Kerberos gowşaklygy.

Gowşaklyklar we täzelenmeler barada goşmaça maglumaty Microsoft kompaniýanyň 2025-nji ýylyň awgust aýynyň howpsuzlyk täzelenmeleri sahypasynda görüp bilersiňiz - microsoft.com.

15 Awgust 2025

-
16