Mozilla kompaniýasy Firefox 88 wersiýasynda FTP goldawyny aýyrýar
Geçen ýyl, Mozilla döredijileri FTP protokoly howply diýip kesgitläp, ýakyn wagtda Firefox brauzerinde onuň goldawyny aýyrjaklaryny habar berdiler. Netijede, ulanyjylar indiden beýläk FTP protokolyň üsti bilen faýl ýükläp, şeýle hem brauzerde FTP salgylanmalaryň we bukjalaryň düzümini görüp bilmezler.
Şu gün çykan Firefox 88 wersiýasynda protokol goldawy deslapky görnüşde öçürildi.
Programma döredijileri geljekki wersiýasynda (Firefox 90) FTP protokoly ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly bütin kody brauzerden hemişelik aýyrmak meýilleşdirýärler. Bu üýtgeşmeler Android ulgamy üçin niýetlenen Firefox brauzerine hem giriziler.
Şeýle hem, Mozilla kompaniýasy Firefox, Firefox ESR we Thunderbird önümlerinde gowşaklyklary aýyrmak üçin howpsuzlyk täzelenmelerini köpçülige çykardy.
Gowşaklyklar we täzelenmeler barada goşmaça maglumaty Mozilla kompaniýanyň howpsuzlyk maslahatlarynda görüp bilersiňiz:
Çeşme: xakep.ru
20 Aprel 2021