ControlVault3 programma üpjünçiliginiň gowşaklyklary 100-den gowrak Dell noutbuk modellerine täsir edýär
Dell howpsuzlyk maslahaty çykaryp, maslahatda kompaniýanyň 100-den gowrak noutbuk modellerinde ulanylýan ControlVault3 programma üpjünçiliginiň bäş sany gowşaklyklary (CVE-2025-24311, CVE-2025-25215, CVE-2025-24922, CVE-2025-25050, CVE-2025-24919) barada habar berdi. Ýaramaz niýetli ulanyjy nyşana alynan ulgamda hukuklary artdyrmak, erkin kod ýerine ýetirmek we howpsuzlyk çäklendirmelerden aýlanyp geçmek üçin bu gowşaklyklaryň birnäçesinden peýdalanyp biler. Gowşaklyklaryň ählisi Cisco Talos gözlegçileri tarapyndan ýüze çykaryldy. Häzirki wagtda bu gowşaklyklary aýyrmak üçin düzedişler çykaryldy.
Gowşaklyklar we täzelenmeler barada goşmaça maglumaty Dell howpsuzlyk maslahatynda görüp bilersiňiz – dell.com
11 Awgust 2025