Duşenbe, 13 Oktýabr 2025

2025-nji ýylyň awgust aýynyň Android täzelenmeleri köp sanly gowşaklyklary düzetdiler

Google kompaniýasy 2025-nji ýylyň awgust aýynyň Android üçin howpsuzlyk maslahatyny neşir etdi, bu howpsuzlyk täzelenmeler toplumy köp sanly howpsuzlyk gowşaklyklary aýyrmak üçin düzedişleri öz içine alýar.

Howpsuzlyk täzelenmeleriniň birinji bölüminiň (2025-08-01) çykmagy bilen jemi 3 sany gowşaklyklar düzedildi. Bu gowşaklyklar Framework we System düzüm böleklerinde düzedildi. Bu gowşaklyklara 2 sany hukuklary artdyrmak we 1 sany uzaklykdan kod ýerine ýetirmek ýagdaýyna getirmek mümkinçilikleri berýän gowşaklygy girýär.

2025-nji ýylyň awgust aýynyň düzedişler toplumynyň ikinji bölümi (2025-08-05) Arm components we Qualcomm düzüm böleklerinde jemi 3 sany gowşaklyklar üçin düzedişleri öz içine alýar.

Gowşaklyklar we täzelenmeler barada goşmaça maglumaty Android howpsuzlyk maslahatynda görüp bilersiňiz – android.com

06 Awgust 2025

-
22