Google kompaniýasy Chrome üçin howpsuzlyk täzelenmesini çykardy
Google kompaniýasy Chrome 138.0.7204.168 (Linux), 138.0.7204.168/.169 (Windows, Mac) wersiýasyny çykardy. Bu wersiýa ýaramaz niýetli ulanyjynyň gowşak ulgamy dolandyrmak mümkinçiligini gazanmak üçin ulanyp bilýän gowşaklyklary aýyrýar. Bu täzelenme 3 sany howpsuzlyk düzedişleri öz içine alýar.
Ulanyjylara Chrome täzelenmesi baradaky habary bilen tanşyp, gerekli bolan täzelenmeleri gurnamagy maslahat berilýär -googleblog.com
25 Iýul 2025