Google kompaniýasy Chrome üçin howpsuzlyk täzelenmesini çykardy
Google kompaniýasy Chrome 138.0.7204.157 (Linux), 138.0.7204.157/.158 (Windows, Mac) wersiýasyny çykardy. Bu wersiýa ýaramaz niýetli ulanyjynyň gowşak ulgamy dolandyrmak mümkinçiligini gazanmak üçin ulanyp bilýän gowşaklyklary aýyrýar. Bu täzelenme 6 sany howpsuzlyk düzedişleri öz içine alýar. Google kompaniýasy howpsuzlyk gowşaklyk (CVE-2025-6558) ulanyşda bolmagy mümkin diýip belleýär.
Ulanyjylara Chrome täzelenmesi baradaky habary bilen tanşyp, gerekli bolan täzelenmeleri gurnamagy maslahat berilýär - googleblog.com
17 Iýul 2025