Oracle 2025-nji ýylyň iýul aýynyň täzelenmelerini çykardy
Oracle birnäçe önümlerinde 309 sany howpsuzlyk gowşaklyklaryny aýyrmak üçin 2025-nji ýylyň iýul aýynyň täzelenmelerini çykardy. Ygtyýarsyz ulanyjy uzaklykdan gowşak ulgamy dolandyrmak mümkinçiligini gazanmak üçin bu gowşaklyklaryň birnäçesinden peýdalanyp bilýär.
Ulanyjylara Oracle kompaniýanyň 2025-nji ýylyň iýul aýynyň howpsuzlyk maslahaty bilen tanşyp, gerekli bolan täzelenmeleri gurnamagy maslahat berilýär – oracle.com
16 Iýul 2025