Fortinet kompaniýasy 2025-nji ýylyň iýul aýynyň howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy
Fortinet kompaniýasy önümleriniň köp sanly gowşaklyklaryny aýyrmak üçin howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy. Gowşaklyklar FortiOS, FortiWeb, FortiIsolator, FortiSandbox, FortiAnalyzer, FortiAnalyzer Cloud, FortiManager, FortiManager Cloud, FortiProxy, FortiSASE we FortiVoice önümlerinde ýüze çykaryldy. Ýaramaz niýetli ulanyjy uzakdan kod ýerine ýetirmek, SQL inýeksiýasyny ýerine ýetirmek we howpsuzlyk çäklendirmelerden aýlanyp geçmek üçin bu gowşaklyklaryň birnäçesinden peýdalanyp biler.
Gowşaklyklar we täzelenmeler barada goşmaça maglumaty Fortinet howpsuzlyk maslahatlarynda görüp bilersiňiz – fortinet.com
11 Iýul 2025