Anna, 11 Iýul 2025

Microsoft kompaniýasy 2025-nji ýylyň iýul aýynyň howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy

Microsoft kompaniýasy 2025-nji ýylyň iýul aýynyň «Sişenbe düzedişleriň» çäginde programma üpjünçiliginiň birnäçe gowşaklyklaryny aýyrmak üçin howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy.

Düzedilen gowşaklyklaryň arasyndan 53 sany gowşaklyk - hukuklary artdyrmak, 8 - howpsuzlyk çäklendirmelerini aýlanyp geçmek, 41 - uzaklykdan kod ýerine ýetirmek, 18 - maglumatlary aýan etmek, 6 - «hyzmat etmekden ýüz öwürmek» ýagdaýyna getirmek we 4 - spufing amala aşyrmak mümkinçilikleri berýärler.

Şeýle hem, 2025-nji ýylyň iýul aýynyň «Sişenbe düzedişleri» bir sany 0-day gowşaklygy üçin düzedişleri öz içine alýar, bu gowşaklyk:

CVE-2025-49719 - Maglumatlary aýan etmek mümkinçiligi berýän Microsoft SQL Server serweriniň gowşaklygy.

Gowşaklyklar we täzelenmeler barada goşmaça maglumaty Microsoft kompaniýanyň 2025-nji ýylyň iýul aýynyň howpsuzlyk täzelenmeleri sahypasynda görüp bilersiňiz - microsoft.com.

10 Iýul 2025

-
24