Cisco birnäçe önümleri üçin howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy
Cisco kompaniýasy birnäçe önümleriniň gowşaklyklaryny (CVE-2025-20307, CVE-2025-20308, CVE-2025-20309, CVE-2025-20310) aýyrmak üçin howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy.
Cisco kompaniýasy Cisco Unified Communications Manager, Cisco Unified Communications Manager Session Management Edition Engineering Special, Cisco Spaces Connector, Cisco Enterprise Chat and Email we Cisco BroadWorks önümlerine täsir edýän howply gowşaklyklary aýyrmak üçin düzedişleri çykardy.Ýaramaz niýetli ulanyjy gowşak ulgamda hukuklary artdyrmak, root-hukuklary bilen özbaşdak buýruklary ýerine ýetirmek, autentifikasiýa barlagyndan aýlanyp geçmek, gizlin maglumatlary aýan etmek we saýtara skripting amala aşyrmak üçin bu gowşaklyklaryň birnäçesinden peýdalanyp biler.
Ähli düzedilen gowşaklyklar barada giňişleýin maglumaty Cisco howpsuzlyk sahypasynda görüp bilersiňiz – cisco.com
03 Iýul 2025