Sişenbe, 08 Iýul 2025

Google kompaniýasy Chrome üçin howpsuzlyk täzelenmesini çykardy

Google kompaniýasy Chrome 138.0.7204.92 (Linux), 138.0.7204.96/.97 (Windows), 138.0.7204.92/.93 (Mac) wersiýasyny çykardy. Bu wersiýa ýaramaz niýetli ulanyjynyň erkin kod ýerine ýetirmek üçin ulanyp bilýän gowşaklyklary aýyrýar. Bu täzelenme 1 sany howpsuzlyk düzedişi öz içine alýar. Google kompaniýasy bu gowşaklyk (CVE-2025-6554) ulanylýan bolmagy mümkin diýip belleýär.

Ulanyjylara Chrome täzelenmesi baradaky habary bilen tanşyp, gerekli bolan täzelenmeleri gurnamagy maslahat berilýär -googleblog.com

02 Iýul 2025

-
35