Google kompaniýasy Chrome üçin howpsuzlyk täzelenmesini çykardy
Google kompaniýasy Chrome 138.0.7204.49 (Linux), 138.0.7204.49/50 (Windows/Mac) wersiýasyny çykardy. Bu wersiýa ýaramaz niýetli ulanyjynyň erkin kod ýerine ýetirmek, howpsuzlyk çäklendirmelerinden aýlanyp geçmek we «hyzmat etmekden ýüz öwürmek» ýagdaýyna getirmek üçin ulanyp bilýän gowşaklyklary aýyrýar. Bu täzelenme 11 sany howpsuzlyk düzedişleri öz içine alýar.
Ulanyjylara Chrome täzelenmesi baradaky habary bilen tanşyp, gerekli bolan täzelenmeleri gurnamagy maslahat berilýär -googleblog.com
26 Iýun 2025