Microsoft kompaniýasy 2025-nji ýylyň iýun aýynyň howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy
Microsoft kompaniýasy programma üpjünçiliginiň gowşaklyklaryny aýyrmak üçin howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy. Microsoft 2025-nji ýylyň iýun aýynyň «Sişenbe düzedişleriň» çäginde birnäçe howpsuzlyk gowşaklyklary düzetdi.
Düzedilen gowşaklyklaryň arasynda 13 sany gowşaklyk – hukuklary artdyrmak, 3 - howpsuzlyk çäklendirmelerinden aýlanyp geçmek, 25 - uzaklykdan kod ýerine ýetirmek, 17 – maglumatlary aýan etmek, 6 - «hyzmat etmekden ýüz öwürmek» ýagdaýyna getirmek we 2 – spufing amala aşyrmak mümkinçilikleri berýärler.
Şeýle hem, 2025-nji ýylyň iýun aýynyň «Sişenbe düzedişleri» iki sany 0-day gowşaklyklary üçin düzedişleri öz içine alýar, bu gowşaklyklar:
Gowşaklyklar we täzelenmeler barada goşmaça maglumaty Microsoft kompaniýanyň 2025-nji ýylyň iýun aýynyň howpsuzlyk täzelenmeleri sahypasynda görüp bilersiňiz – microsoft.com.
Çeşme: bleepingcomputer.com
13 Iýun 2025