Sişenbe, 08 Iýul 2025

2025-nji ýylyň iýun aýynyň Android täzelenmeleri köp sanly gowşaklyklary düzetdiler

Google kompaniýasy 2025-nji ýylyň iýun aýynyň Android üçin howpsuzlyk maslahatyny neşir etdi, bu howpsuzlyk täzelenmeler toplumy köp sanly howpsuzlyk gowşaklyklary aýyrmak üçin düzedişleri öz içine alýar.

Howpsuzlyk täzelenmeleriniň birinji bölüminiň (2025-06-01) çykmagy bilen jemi 18 sany gowşaklyklar düzedildi. Bu gowşaklyklar Android Runtime, Framework, System we Google Play system düzüm böleklerinde düzedildi. Bu gowşaklyklara 7 sany hukuklary artdyrmak, 5 sany maglumatlary aýan etmek we 4 sany «hyzmat etmekden ýüz öwürmek» ýagdaýyna getirmek mümkinçilikleri berýän gowşaklyklary girýärler.

2025-nji ýylyň iýun aýynyň düzedişler toplumynyň ikinji bölümi (2025-06-05) Arm components, Imagination Technologies we Qualcomm düzüm böleklerinde jemi 18 sany gowşaklyklar üçin düzedişleri öz içine alýar.

Gowşaklyklar we täzelenmeler barada goşmaça maglumaty Android howpsuzlyk maslahatynda görüp bilersiňiz – android.com

12 Iýun 2025

-
33