Çarşenbe, 09 Iýul 2025

Google kompaniýasy Chrome üçin howpsuzlyk täzelenmesini çykardy

Google kompaniýasy Chrome 137.0.7151.68/.69 (Windows/Mac), 137.0.7151.68 (Linux) wersiýasyny çykardy. Bu wersiýa ýaramaz niýetli ulanyjynyň gowşak ulgamy dolandyrmak mümkinçiligini gazanmak üçin ulanyp bilýän gowşaklyklary aýyrýar. Bu täzelenme 3 sany howpsuzlyk düzedişleri öz içine alýar. Google kompaniýasy bu gowşaklyk (CVE-2025-5419) ulanylýan bolmagy mümkin diýip belleýär.

Ulanyjylara Chrome täzelenmesi baradaky habary bilen tanşyp, gerekli bolan täzelenmeleri gurnamagy maslahat berilýär - googleblog.com.

05 Iýun 2025

-
29