Çarşenbe, 09 Iýul 2025

Täze AyySSHush atly botnet ýüze çykaryldy

AyySSHush botnet 9000-dan gowrak Asus routerleri ele geçirdi, şeýle hem Cisco, D-Link we Linksys SOHO routerleri nyşana aldy.

Bilermenleriň belläp geçmegine görä, AyySSHush botneti Asus routerleri, şol sanda RT-AC3100, RT-AC3200 we RT-AX55 modellerini ele geçirmek üçin hasaba alyş maglumatlary tapmak, autentifikasiýa barlagyndan aýlanyp geçmek we buýruklary girizmek mümkinçiligi berýän köne gowşaklykdan (CVE-2023-39780) peýdalanmak ýaly usullary ulanýar.

Asus döredijileri CVE-2023-39780 gowşaklygy üçin howpsuzlyk täzelenmeleri çykardylar we ulanyjylara gysga wagtyň içinde täzelenmeleri gurnamagy maslahat berilýär.

Şeýle hem bilermenler zyýanly işjeňlik bilen baglanyşykly dört sany IP salgylary neşir etdiler: 101.99.91[.]151, 101.99.94[.]173, 79.141.163[.]179 и 111.90.146[.]237.

Çeşme: bleepingcomputer.com

02 Iýun 2025

-
34