Çarşenbe, 09 Iýul 2025

Google kompaniýasy Chrome üçin howpsuzlyk täzelenmesini çykardy

2021-nji ýylyň aprel aýynyň 14-ne, Google kompaniýasy Windows, Mac we Linux ulanyjylary üçin Chrome 90 wersiýasyny çykardy, bu täzelenmede howpsuzlygy güýçlendirilip, deslapky protokoly hem HTTPS üýtgedildi.

Chrome 90 wersiýasy 37 sany howpsuzlyk ýalňyşlyklary, şol sanda iki sany 0-day gowşaklyklary düzedýär.

Chrome 90 çykmagy bilen, salgy setirine girizilýän protokoly bolmadyk (http:// ýa-da https://) islendik URL-salgysy awtomatiki usulda HTTPS baglanmasy diýip hasaplanar. Google kompaniýasy web-sahypalar görlende howpsuzlygy ýokarlandyrmak üçin deslapky protokoly https:// protokol giňeltmesine geçirdi.

Ulanyjylara Chrome täzelenmesi baradaky habary bilen tanşyp, gerekli bolan täzelenmeleri gurnamagy maslahat berilýär - googleblog.com.

Çeşme: bleepingcomputer.com

15 Aprel 2021

-
74