Fortinet kompaniýasy 2025-nji ýylyň maý aýynyň howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy
Fortinet kompaniýasy önümleriniň köp sanly gowşaklyklaryny aýyrmak üçin howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy. Gowşaklyklar FortiManager, FortiOS, FortiProxy, FortiPAM, FortiSRA, FortiWeb, FortiSwitchManager, FortiCamera, FortiMail, FortiNDR, FortiRecorder, FortiVoice, FortiClientEMS, FortiClientEMS Cloud, FortiClientMac, FortiPortal, FortiClientWindows we FortiVoiceUCDesktop önümlerinde ýüze çykaryldy. Ýaramaz niýetli ulanyjy nyşana alnan ulgamda uzaklykdan kod ýerine ýetirmek, maglumatlary aýan etmek, maglumatlary üýtgetmek, hukuklary artdyrmak we “hyzmat etmekden ýüz öwürmek” ýagdaýyny getirmek üçin bu gowşaklyklaryň birnäçesinden peýdalanyp biler. Fortinet kompaniýasy howpsuzlyk gowşaklyklary (CVE-2025-22252 we CVE-2025-32756) ulanylýan bolmagy mümkin diýip belleýär.
Gowşaklyklar we täzelenmeler barada goşmaça maglumaty Fortinet howpsuzlyk maslahatlarynda görüp bilersiňiz - fortinet.com
29 Maý 2025