Microsoft kompaniýasy 2021-nji ýylyň aprel aýynyň «Sişenbe düzedişleriň» çäginde 108 sany gowşaklyklary düzetdi
Microsoft kompaniýasy birnäçe önümleriniň gowşaklyklaryny aýyrmak üçin howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy. Microsoft jemi 108 sany gowşaklyklary düzetdi, olaryň arasynda 19 sany gowşaklyga örän howply we 89 sany gowşaklyga howply diýip baha berildi. Microsoft kompaniýasy 2021-nji ýylyň aprel aýynyň «Sişenbe düzedişleriň» çäginde bäş sany 0-day gowşaklyklary düzetdi:
CVE-2021-27091 - RPC Endpoint Mapper hyzmatynyň hukuklary artdyrmak gowşaklygy;
CVE-2021-28312 - Windows NTFS ulgamynyň DoS-gowşaklygy;
CVE-2021-28437 - Windows Installer düzüm böleginde maglumatlary aýan etmek gowşaklygy;
CVE-2021-28458 - Azure ms-rest-nodeauth kitaphanasynyň hukuklary artdyrmak gowşaklygy;
CVE-2021-28310 - Win32k düzüm böleginde hukuklary artdyrmak gowşaklygy; (Kasperskiý laboratoriýasynyň bilermenleriň maglumatlaryna görä, bu gowşaklyk kiberhadysalarda ulanylýar).
Microsoft kompaniýanyň 2021-nji ýylyň aprel aýynyň howpsuzlyk täzelenmeleri örän howply uzaklykdan kod ýerine ýetirmek gowşaklyklary (CVE-2021-28480, CVE-2021-28481, CVE-2021-28482, CVE-2021-28483) hem düzedýärler, olar Exchange Server önüminiň lokal wersiýalaryna täsir edýärler. Ýaramaz niýetli ulanyjy bu gowşaklyklary aralaşmak we nyşana alynan ulgamda saklanmak üçin peýdalanyp biler.
Gowşaklyklar we täzelenmeler barada goşmaça maglumaty Microsoft kompaniýanyň 2021-nji ýylyň aprel aýynyň howpsuzlyk täzelenmeleri sahypasynda görüp bilersiňiz – microsoft.com.
Çeşme: bleepingcomputer.com
14 Aprel 2021