Google kompaniýasy Chrome üçin howpsuzlyk täzelenmesini çykardy
Google kompaniýasy Chrome 136.0.7103.113/.114 (Windows/Mac), 136.0.7103.113 (Linux) wersiýasyny çykardy. Bu wersiýa ýaramaz niýetli ulanyjynyň gowşak ulgamy dolandyrmak mümkinçiligini gazanmak üçin ulanyp bilýän gowşaklyklary aýyrýar. Bu täzelenme 4 sany howpsuzlyk düzedişleri öz içine alýar. Google kompaniýasy bu gowşaklyk (CVE-2025-4664) ulanylýan bolmagy mümkin diýip belleýär.
Ulanyjylara Chrome täzelenmesi baradaky habary bilen tanşyp, gerekli bolan täzelenmeleri gurnamagy maslahat berilýär - googleblog.com.
16 Maý 2025