Microsoft kompaniýasy 2025-nji ýylyň maý aýynyň howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy
Microsoft kompaniýasy programma üpjünçiliginiň gowşaklyklaryny aýyrmak üçin howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy. Microsoft 2025-nji ýylyň maý aýynyň «Sişenbe düzedişleriň» çäginde birnäçe howpsuzlyk gowşaklyklary düzetdi.
Düzedilen gowşaklyklaryň arasynda 17 sany gowşaklyk – hukuklary artdyrmak, 2 - howpsuzlyk çäklendirmelerinden aýlanyp geçmek, 28 - uzaklykdan kod ýerine ýetirmek, 15 – maglumatlary aýan etmek, 7 - «hyzmat etmekden ýüz öwürmek» ýagdaýyna getirmek we 2 – spufing amala aşyrmak mümkinçilikleri berýärler.
Şeýle hem, 2025-nji ýylyň maý aýynyň «Sişenbe düzedişleri» bäş sany 0-day gowşaklyklary üçin düzedişleri öz içine alýar, bu gowşaklyklar:
Gowşaklyklar we täzelenmeler barada goşmaça maglumaty Microsoft kompaniýanyň 2025-nji ýylyň maý aýynyň howpsuzlyk täzelenmeleri sahypasynda görüp bilersiňiz – microsoft.com.
Çeşme: bleepingcomputer.com
15 Maý 2025