2025-nji ýylyň maý aýynyň Android täzelenmeleri köp sanly gowşaklyklary düzetdiler
Google kompaniýasy 2025-nji ýylyň maý aýynyň Android üçin howpsuzlyk maslahatyny neşir etdi, bu howpsuzlyk täzelenmeler toplumy köp sanly howpsuzlyk gowşaklyklary aýyrmak üçin düzedişleri öz içine alýar.
Howpsuzlyk täzelenmeleriniň birinji bölüminiň (2025-05-01) çykmagy bilen jemi 24 sany gowşaklyklar düzedildi. Bu gowşaklyklar Framework, System we Google Play system system düzüm böleklerinde düzedildi. Bu gowşaklyklara 19 sany hukuklary artdyrmak, 3 sany gizlin maglumatlary aýan etmek, 1 sany uzaklykdan kod ýerine ýetirmek we 1 sany «hyzmat etmekden ýüz öwürmek» ýagdaýyny getirmek mümkinçilikleri berýän gowşaklygy girýär.
2025-nji ýylyň maý aýynyň düzedişler toplumynyň ikinji bölümi (2025-05-05) Kernel LTS, Imagination Technologies, Arm components, MediaTek, Qualcomm düzüm böleklerinde jemi 23 sany gowşaklyklar üçin düzedişleri öz içine alýar.
Android howpsuzlyk maslahatynda, howpsuzlyk gowşaklygy (CVE-2025-27363) ulanylýan bolmagy mümkin diýip bellenýär.
Gowşaklyklar we täzelenmeler barada goşmaça maglumaty Android howpsuzlyk maslahatynda görüp bilersiňiz - android.com
07 Maý 2025