SAP 2021-nji ýylyň aprel aýynyň howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy
SAP kompaniýasy birnäçe önümlerine täsir edýän gowşaklyklary aýyrmak üçin howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy. Ygtyýarsyz ulanyjy gowşak ulgamy dolandyrmak mümkinçiligini gazanmak üçin bu gowşaklyklaryň birnäçesinden peýdalanyp bilýär. SAP kompaniýasy ulanyjylaryna SAP gurşawyny goramak üçin düzedişleri ulanmagy maslahat berýär.
Gowşaklyklar we täzelenmeler barada giňişleýin maglumaty SAP kompaniýanyň 2021-nji ýylyň aprel aýynyň howpsuzlyk maslahatlary sahypasynda görkezilen salgy boýunça görüp bilersiňiz: sap.com
14 Aprel 2021