Çarşenbe, 09 Iýul 2025

Adobe howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy

Adobe kompaniýasy Adobe Photoshop, Adobe Digital Editions, Adobe Bridge we RoboHelp önümleriniň gowşaklyklaryny aýyrýan howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy. Adobe kompaniýasy dört sany önümlerine täsir edýän on sany howpsuzlyk gowşaklyklary düzetdi, olaryň ýedisi erkin kod ýerine ýetirmek ýa-da islendik faýl ýazmak mümkinçilikleri berýändikleri sebäpli örän howply diýip baha berildi.

Adobe gowşak önümleri ulanýan ulanyjylara ýalňyşlyklardan peýdalanmak mümkinçilikleri aradan aýyrmak üçin gysga wagtyň içinde soňky çykan wersiýalara täzelemegi maslahat berýär.

Gowşaklyklar we täzelenmeler barada goşmaça maglumaty aşakda görkezilen Adobe howpsuzlyk maslahatlarynda görüp bilersiňiz:

14 Aprel 2021

-
79