Fortinet kompaniýasy 2025-nji ýylyň aprel aýynyň howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy
Fortinet kompaniýasy önümleriniň köp sanly gowşaklyklaryny aýyrmak üçin howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy. Gowşaklyklar FortiOS, FortiSwitch, FortiWeb, FortiAnalyzer, FortiManager, FortiClientEMS, FortiManager, FortiProxy we FortiIsolator önümlerinde ýüze çykaryldy. Ýaramaz niýetli ulanyjy nyşana alnan ulgamda uzaklykdan kod ýerine ýetirmek, maglumatlary aýan etmek, maglumatlary üýtgetmek, hukuklary artdyrmak, howpsuzlyk çäklendirmelerden aýlanyp geçmek we saýtara skripting amala aşyrmak üçin bu gowşaklyklaryň birnäçesinden peýdalanyp biler.
Gowşaklyklar we täzelenmeler barada goşmaça maglumaty Fortinet howpsuzlyk maslahatlarynda görüp bilersiňiz - fortinet.com
16 Aprel 2025