Microsoft kompaniýasy 2025-nji ýylyň aprel aýynyň howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy
Microsoft kompaniýasy 2025-nji ýylyň aprel aýynyň «Sişenbe düzedişleriň» çäginde programma üpjünçiliginiň birnäçe gowşaklyklaryny aýyrmak üçin howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy.
Düzedilen gowşaklyklaryň arasyndan 49 sany gowşaklyk - hukuklary artdyrmak, 9 - howpsuzlyk çäklendirmelerini aýlanyp geçmek, 31 - uzaklykdan kod ýerine ýetirmek, 17 - maglumatlary aýan etmek, 14 - «hyzmat etmekden ýüz öwürmek» ýagdaýyna getirmek we 3 - spufing amala aşyrmak mümkinçilikleri berýärler.
Şeýle hem, 2025-nji ýylyň aprel aýynyň «Sişenbe düzedişleri» bir sany 0-day gowşaklygy üçin düzedişleri öz içine alýar, bu gowşaklyk:
CVE-2025-29824 - Hukuklary artdyrmak mümkinçiligi berýän Windows Common Log faýl ulgamynyň draýwerynyň gowşaklygy.
Gowşaklyklar we täzelenmeler barada goşmaça maglumaty Microsoft kompaniýanyň 2025-nji ýylyň aprel aýynyň howpsuzlyk täzelenmeleri sahypasynda görüp bilersiňiz - microsoft.com.
11 Aprel 2025