Çarşenbe, 09 Iýul 2025

2025-nji ýylyň aprel aýynyň Android täzelenmeleri köp sanly gowşaklyklary düzetdiler

Google kompaniýasy 2025-nji ýylyň aprel aýynyň Android üçin howpsuzlyk maslahatyny neşir etdi, bu howpsuzlyk täzelenmeler toplumy köp sanly howpsuzlyk gowşaklyklary aýyrmak üçin düzedişleri öz içine alýar.

Howpsuzlyk täzelenmeleriniň birinji bölüminiň (2025-04-01) çykmagy bilen jemi 28 sany gowşaklyklar düzedildi. Bu gowşaklyklar Framework, System we Google Play system düzüm böleklerinde düzedildi. Bu gowşaklyklara 21 sany hukuklary artdyrmak, 5 sany maglumatlary aýan etmek we 2 sany «hyzmat etmekden ýüz öwürmek» ýagdaýyna getirmek mümkinçilikleri berýän gowşaklyklary girýärler.

2025-nji ýylyň aprel aýynyň düzedişler toplumynyň ikinji bölümi (2025-04-05) Kernel, Arm components, Imagination Technologies, MediaTek we Qualcomm düzüm böleklerinde jemi 31 sany gowşaklyklar üçin düzedişleri öz içine alýar.

Gowşaklyklar we täzelenmeler barada goşmaça maglumaty Android howpsuzlyk maslahatynda görüp bilersiňiz – android.com

10 Aprel 2025

-
38