Cisco birnäçe önümleri üçin howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy
Cisco kompaniýasy birnäçe önümleriniň gowşaklyklaryny aýyrmak üçin howpsuzlyk täzelenmelerini köpçülige çykardy.
Cisco kompaniýasy Cisco IOS XR, Cisco IOS, Cisco IOS XE, Cisco Secure Client önümleriniň programma üpjünçiliginde ýokary we orta derejede howply gowşaklyklaryny aýyrmak üçin howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy.
Ýaramaz niýetli ulanyjy gowşak ulgamda erkin kod ýerine ýetirmek, howpsuzlyk çäklendirmelerden aýlanyp geçmek, root-hukuklary bilen özbaşdak buýruklary ýerine ýetirmek, hukuklary artdyrmak, «hyzmat etmekden ýüz öwürmek» (DoS) ýagdaýyna getirmek üçin bu gowşaklyklaryň birnäçesinden peýdalanyp biler. Cisco kompaniýasy gowşaklyklary aýyrmak üçin ulanyjylara programma üpjünçiligiň düzedilen wersiýasyna geçmäge maslahat berýär.
Şol sanda,Cisco kompaniýasy ulanyş möhleti gutaran Cisco Small Business RV016, RV042, RV042G, RV082, RV320, RV325 routerleriň gowşaklyklary barada habar berdi. Kompaniýa bu enjamlary ulanýan ulanyjylara soňky çykan we goldawy bolan önümler bilen çalyşmagy maslahat berýär.
Gowşaklyklar we täzelenmeler barada giňişleýin maglumaty Cisco howpsuzlyk sahypasynda görüp bilersiňiz - cisco.com
17 Mart 2025