Fortinet kompaniýasy 2025-nji ýylyň mart aýynyň howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy
Fortinet kompaniýasy önümleriniň köp sanly gowşaklyklaryny aýyrmak üçin howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy. Gowşaklyklar FortiOS, FortiSandbox, FortiADC, FortiWeb, FortiClientLinux, FortiClientMac, FortiClientWindows, FortiMail, FortiAnalyzer, FortiAnalyzer-BigData, FortiManager, FortiPAM, FortiProxy, FortiSRA, FortiIsolator, FortiSIEM we FortiNDR önümlerinde ýüze çykaryldy. Ýaramaz niýetli ulanyjy nyşana alnan ulgamda uzaklykdan kod ýerine ýetirmek, hukuklary artdyrmak, howpsuzlyk çäklendirmelerden aýlanyp geçmek we saýtara skripting amala aşyrmak üçin bu gowşaklyklaryň birnäçesinden peýdalanyp biler.
Gowşaklyklar we täzelenmeler barada goşmaça maglumaty Fortinet howpsuzlyk maslahatlarynda görüp bilersiňiz – fortinet.com
13 Mart 2025