Çarşenbe, 09 Iýul 2025

Microsoft kompaniýasy 2025-nji ýylyň mart aýynyň howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy

Microsoft kompaniýasy 2025-nji ýylyň mart aýynyň «Sişenbe düzedişleriň» çäginde programma üpjünçiliginiň birnäçe gowşaklyklaryny aýyrmak üçin howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy.

Düzedilen gowşaklyklaryň arasyndan 23 sany gowşaklyk - hukuklary artdyrmak, 3 - howpsuzlyk çäklendirmelerini aýlanyp geçmek, 23 - uzaklykdan kod ýerine ýetirmek, 4 - maglumatlary aýan etmek, 1 - «hyzmat etmekden ýüz öwürmek» ýagdaýyna getirmek we 3 - spufing amala aşyrmak mümkinçilikleri berýärler.

Şeýle hem, 2025-nji ýylyň mart aýynyň «Sişenbe düzedişleri» ýedi sany 0-day gowşaklyklary üçin düzedişleri öz içine alýar, bu gowşaklyklar:

  • CVE-2025-24983 - Hukuklary artdyrmaklyga getirýän Windows Win32 kiçi ulgamynyň ýadrosyndaky howpsuzlygynyň gowşaklygy;
  • CVE-2025-24984 - Windows NTFS ulgamdaky maglumatlary aýan etmek mümkinçiligi berýän gowşaklyk;
  • CVE-2025-24985 - Windows Fast FAT faýl ulgamynyň draýwerynyň uzaklykdan kod ýerine ýetirmek mümkinçiligi berýän gowşaklyk;
  • CVE-2025-24991 - Windows NTFS ulgamdaky maglumatlary aýan etmek mümkinçiligi berýän gowşaklyk;
  • CVE-2025-24993 - Windows NTFS ulgamynda uzaklykdan kod ýerine ýetirmek gowşaklygy;
  • CVE-2025-26633 - Microsoft dolandyryş konsolynyň howpsuzlyk çäklendirmelerini aýlanyp geçmek gowşaklygy;
  • CVE-2025-26630 -  Microsoft Access ulgamynyň uzaklykdan kod ýerine ýetirmek gowşaklygy.

Gowşaklyklar we täzelenmeler barada goşmaça maglumaty Microsoft kompaniýanyň 2025-nji ýylyň mart aýynyň howpsuzlyk täzelenmeleri sahypasynda görüp bilersiňiz - microsoft.com.

12 Mart 2025

-
21