Çarşenbe, 09 Iýul 2025

2025-nji ýylyň mart aýynyň Android täzelenmeleri köp sanly gowşaklyklary düzetdiler

Google kompaniýasy 2025-nji ýylyň mart aýynyň Android üçin howpsuzlyk maslahatyny neşir etdi, bu howpsuzlyk täzelenmeler toplumy köp sanly howpsuzlyk gowşaklyklary aýyrmak üçin düzedişleri öz içine alýar.

Howpsuzlyk täzelenmeleriniň birinji bölüminiň (2025-03-01) çykmagy bilen jemi 30 sany gowşaklyklar düzedildi. Bu gowşaklyklar Framework, System we Google Play system system düzüm böleklerinde düzedildi. Bu gowşaklyklara 11 sany hukuklary artdyrmak, 9 sany gizlin maglumatlary aýan etmek, 8 sany uzaklykdan kod ýerine ýetirmek we 2 sany «hyzmat etmekden ýüz öwürmek» ýagdaýyny getirmek mümkinçilikleri berýän gowşaklygy girýär.

2025-nji ýylyň mart aýynyň düzedişler toplumynyň ikinji bölümi (2025-03-05) Kernel, MediaTek, Qualcomm düzüm böleklerinde jemi 13 sany gowşaklyklar üçin düzedişleri öz içine alýar.

Android howpsuzlyk maslahatynda, howpsuzlyk gowşaklyklary (CVE-2024-43093, CVE-2024-50302) ulanylýan bolmagy mümkin diýip bellenýär.

Gowşaklyklar we täzelenmeler barada goşmaça maglumaty Android howpsuzlyk maslahatynda görüp bilersiňiz - android.com

04 Mart 2025

-
32