Çarşenbe, 09 Iýul 2025

Microsoft 2021-nji ýylyň maý aýynyň 11-ne Windows 10 1909 wersiýasyny goldamagy bes eder

Microsoft ulanyjylara Windows 10 1909 wersiýasynyň goldawy ýakyn wagtda gutarjakdygyny ýatlatdy. 2021-nji ýylyň maý aýynyň 11-den başlap, bu wersiýanyň ulanyjylary möhüm täzelenmeleri we düzedişleri alyp bilmezler.

Microsoft kompaniýasy ulanyjylara gowşaklyklardan goranmak üçin operasion ulgamynyň wersiýalaryny täzelemegi maslahat berýär.

«Siziň kompýuteriňiz işlemegi dowam eder, emma ol zyýanly programmalardan goragsyz bolar. Köne wersiýalar üçin düzedişleri ýa-da täzelenmeleri çykarmak göz öňünde tutulanok», - diýip Microsoft düşündirýär.

Maý aýynyň 11-ne çenli goldawy gutarýan degişli wersiýalaryň sanawy aşakda görkezilen:

  • Windows 10 1909: Home, Pro, iş stansiýalary üçin Pro we Pro Education. Windows Server üçin hem degişli;

  • Windows 10 ulgamyň 1809 wersiýasy: LTSC-den başga neşirleriň ählisi;

  • Windows 10 ulgamyň 1803 wersiýasynyň we Windows Server 1803 wersiýasynyň ähli neşirleri.

Windows 10 1909 Education we Enterprise neşirleriň goldawy ýene bir ýyl dowam eder. Olaryň goldawy 2022-nji ýylyň maý aýynyň 11-ne gutarar.

Çeşme: anti-malware.ru

12 Aprel 2021

-
62