Palo Alto Networks kompaniýasy önümlerinde gowşaklyklary aýyrdy
Palo Alto Networks kompaniýasy PAN-OS, PAN-OS OpenConfig plugin, Palo Alto Networks Cortex XDR Agent, Palo Alto Networks Cortex XDR Broker VM, Prisma Access Browser önümleriniň howpsuzlyk gowşaklyklaryny aýyrmak üçin howpsuzlyk maslahatlary neşir etdi. Ýaramaz niýetli ulanyjy uzaklykdan nyşana alnan ulgamda erkin kod ýerine ýetirmek, maglumatlary üýtgetmek, gizlin maglumatlary aýan etmek we howpsuzlyk çäklendirmelerden aýlanyp geçmek üçin bu gowşaklyklaryň birnäçesinden peýdalanyp biler. Palo Alto kompaniýasy howpsuzlyk gowşaklygy (CVE-2025-0108) ulanylýan bolmagy mümkin diýip belleýär. Döredijiler howpsuzlyk täzelenmeleri çykarmak arkaly bu gowşaklyklary düzetdiler.
Gowşaklyklar we täzelenmeler barada goşmaça maglumaty Palo Alto Networks howpsuzlyk maslahatlarynda görüp bilersiňiz – paloaltonetworks.com
20 Fewral 2025