Fortinet kompaniýasy 2025-nji ýylyň fewral aýynyň howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy
Fortinet kompaniýasy önümleriniň köp sanly gowşaklyklaryny aýyrmak üçin howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy. Gowşaklyklar FortiOS, FortiManager, FortiManager Cloud, FortiSIEM, FortiPortal, FortiAnalyzer, FortiAnalyzer Cloud, FortiADC, FortiAIOps, FortiNAC, FortiClientEMS, FortiRecorder, FortiAnalyzer-BigData, FortiAuthenticator, FortiDDoS, FortiMail, FortiTester, FortiVoice, FortiDDoS-F, FortiDeceptor, FortiExtender, FortiLANCloud, FortiWeb, FortiSandbox, FortiClientWindows, FortiClientMac, FortiSwitchManager, FortiSwitch, FortiProxy, FortiPAM önümlerinde ýüze çykaryldy. Ýaramaz niýetli ulanyjy nyşana alnan ulgamda uzaklykdan kod ýerine ýetirmek, gizlin maglumatlary aýan etmek, hukuklary artdyrmak we saýtara skripting amala aşyrmak üçin bu gowşaklyklaryň birnäçesinden peýdalanyp biler.
Gowşaklyklar we täzelenmeler barada goşmaça maglumaty Fortinet howpsuzlyk maslahatlarynda görüp bilersiňiz – fortinet.com
19 Fewral 2025