Adobe kompaniýasy birnäçe önümleri üçin howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy
Adobe kompaniýasy birnäçe önüminleriniň gowşaklyklaryny aýyrmak üçin howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy. Ýaramaz niýetli ulanyjy gowşak ulgamda erkin kod ýerine ýetirmek, ýadyň syzmagyna getirmek, howpsuzlyk çäklendirmelerden aýlanyp geçmek, hukuklary artdyrmak we «hyzmat etmekden ýüz öwürmek» ýagdaýyna getirmek üçin bu gowşaklyklardan peýdalanyp biler .
Ulanyjylara Adobe kompaniýanyň aşakda görkezilen howpsuzlyk maslahatlary bilen tanşyp, gerekli bolan täzelenmeleri gurnamagy maslahat berilýär:
Adobe InDesign - APSB25-01
Adobe Commerce - APSB25-08
Adobe Substance 3D Stager - APSB25-09
Adobe InCopy - APSB25-10
Adobe Illustrator - APSB25-11
Adobe Substance 3D Designer - APSB25-12
Adobe Photoshop Elements - APSB25-13
Çeşme: adobe.com
17 Fewral 2025