Microsoft kompaniýasy 2025-nji ýylyň fewral aýynyň howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy
Microsoft kompaniýasy 2025-nji ýylyň fewral aýynyň «Sişenbe düzedişleriň» çäginde programma üpjünçiliginiň birnäçe gowşaklyklaryny aýyrmak üçin howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy.
Düzedilen gowşaklyklaryň arasyndan 19 sany gowşaklyk – hukuklary artdyrmak, 2 - howpsuzlyk çäklendirmelerini aýlanyp geçmek, 22 - uzaklykdan kod ýerine ýetirmek, 1 – maglumatlary aýan etmek, 9 - «hyzmat etmekden ýüz öwürmek» ýagdaýyna getirmek we 3 – spufing amala aşyrmak mümkinçilikleri berýärler.
Şeýle hem, 2025-nji ýylyň fewral aýynyň «Sişenbe düzedişleri» dört sany 0-day gowşaklyklary üçin düzedişleri öz içine alýar, bu gowşaklyklar:
Gowşaklyklar we täzelenmeler barada goşmaça maglumaty Microsoft kompaniýanyň 2025-nji ýylyň fewral aýynyň howpsuzlyk täzelenmeleri sahypasynda görüp bilersiňiz – microsoft.com.
13 Fewral 2025