Zyxel önümlerinde gowşaklyklar barada habar berdi
Zyxel kompaniýasy köp sanly önümlerine täsir edýän CPE seriýaly goldanma möhleti tamamlanan enjamlar (VMG1312-B10A, VMG1312-B10B, VMG1312-B10E, VMG3312-B10A, VMG3313-B10A, VMG3926-B10B, VMG4325-B10A, VMG4380-B10A, VMG8324-B10A, VMG8924-B10A, SBG3300 и SBG3500) üçin işjeň peýdalanylýan howpsuzlyk gowşaklyklary (CVE-2024-40890, CVE-2024-40891, CVE-2025-0890) barada duýduryş neşir etdi. Ýaramaz niýetli ulanyjy ulgamda bökdençlik döretmek, islendik operasion ulgamyň buýruklaryny ýerine ýetirmek we autentifikasiýa barlagy aýlanyp geçmek üçin bu gowşaklyklardan peýdalanyp biler.
Şunuň bilen birlikde, öndüriji täzelenmeler çykarmak meýilleşdirmeýändigini beýan etdi we ulanyjylary goldanýan enjam modellere geçmäge çagyrdy.
Çeşme: zyxel.com
11 Fewral 2025