Sişenbe, 08 Iýul 2025

2025-nji ýylyň fewral aýynyň Android täzelenmeleri köp sanly gowşaklyklary düzetdiler

Google kompaniýasy 2025-nji ýylyň fewral aýynyň Android üçin howpsuzlyk maslahatyny neşir etdi, bu howpsuzlyk täzelenmeler toplumy köp sanly howpsuzlyk gowşaklyklary aýyrmak üçin düzedişleri öz içine alýar.

Howpsuzlyk täzelenmeleriniň birinji bölüminiň (2025-02-01) çykmagy bilen jemi 24 sany gowşaklyklar düzedildi. Bu gowşaklyklar Framework, Platform, System we Google Play system system düzüm böleklerinde düzedildi. Bu gowşaklyklara 10 sany hukuklary artdyrmak, 12 sany gizlin maglumatlary aýan etmek we 1 sany «hyzmat etmekden ýüz öwürmek» ýagdaýyny getirmek mümkinçilikleri berýän gowşaklygy girýär.

2025-nji ýylyň fewral aýynyň düzedişler toplumynyň ikinji bölümi (2025-02-05) Kernel, Arm, Imagination Technologies, MediaTek, Unisoc we Qualcomm düzüm böleklerinde jemi 23 sany gowşaklyklar üçin düzedişleri öz içine alýar.

Gowşaklyklar we täzelenmeler barada goşmaça maglumaty Android howpsuzlyk maslahatynda görüp bilersiňiz - android.com

 

10 Fewral 2025

-
33