Fortinet kompaniýasy 2025-nji ýylyň ýanwar aýynyň howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy
Fortinet kompaniýasy önümleriniň köp sanly gowşaklyklaryny aýyrmak üçin howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy. Gowşaklyklar FortiOS, FortiAP, FortiAnalyzer, FortiProxy, FortiClient Windows, FortiClient EMS, FortiWeb, FortiRecorder, FortiVoice, FortiManager, FortiManager Cloud, FortiAnalyzer-BigData, FortiAuthenticator, FortiDDoS, FortiNDR, FortiSOAR, FortiTester, FortiWLC, FortiADC, FortiMail, FortiSandbox, FortiSwitch we FortiManager önümlerinde ýüze çykaryldy. Ýaramaz niýetli ulanyjy nyşana alnan ulgamda uzaklykdan kod ýerine ýetirmek, hukuklary artdyrmak, gizlin maglumatlary aýan etmek, maglumatlary üýtgetmek we howpsuzlyk çäklendirmelerden aýlanyp geçmek üçin bu gowşaklyklaryň birnäçesinden peýdalanyp biler.
Gowşaklyklar we täzelenmeler barada goşmaça maglumaty Fortinet howpsuzlyk maslahatlarynda görüp bilersiňiz – fortinet.com
22 Ýanwar 2025