Microsoft kompaniýasy 2025-nji ýylyň ýanwar aýynyň howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy
Microsoft kompaniýasy 2025-nji ýylyň ýanwar aýynyň «Sişenbe düzedişleriň» çäginde programma üpjünçiliginiň birnäçe gowşaklyklaryny aýyrmak üçin howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy.
Düzedilen gowşaklyklaryň arasyndan 40 sany gowşaklyk - hukuklary artdyrmak, 14 - howpsuzlyk çäklendirmelerini aýlanyp geçmek, 58 - uzaklykdan kod ýerine ýetirmek, 24 - maglumatlary aýan etmek, 20 - «hyzmat etmekden ýüz öwürmek» ýagdaýyna getirmek we 5 - spufing amala aşyrmak mümkinçilikleri berýärler.
Şeýle hem, 2025-nji ýylyň ýanwar aýynyň «Sişenbe düzedişleri» sekiz sany 0-day gowşaklyklary, şol sanda işjeň ulanylýan üç sany gowşaklyk üçin düzedişleri öz içine alýar, bu gowşaklyklar:
Gowşaklyklar we täzelenmeler barada goşmaça maglumaty Microsoft kompaniýanyň 2025-nji ýylyň ýanwar aýynyň howpsuzlyk täzelenmeleri sahypasynda görüp bilersiňiz - microsoft.com
20 Ýanwar 2025