Google kompaniýasy Chrome üçin howpsuzlyk täzelenmesini çykardy
Google kompaniýasy Chrome 132.0.6834.83 (Linux), 132.0.6834.83/84 (Windows/Mac) wersiýasyny çykardy. Bu wersiýa ýaramaz niýetli ulanyjynyň gizlin maglumatlary aýan etmek we hukuklary artdyrmak üçin ulanyp bilýän gowşaklyklary aýyrýar. Bu täzelenme 16 sany howpsuzlyk düzedişleri öz içine alýar.
Ulanyjylara Chrome täzelenmesi baradaky habary bilen tanşyp, gerekli bolan täzelenmeleri gurnamagy maslahat berilýär - googleblog.com
15 Ýanwar 2025